Türkmenistan Ženewada geçirilen Owganystan boýunça ýokary derejeli maslahata gatnaşdy

  • 24.11.2020 16:12
  • 5.5k+

23-24-nji noýabrda Ženewada Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat geçirildi. Ol onlaýn görnüşinde Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi. 
Maslahatyň çäklerindäki ýokary derejeli duşuşygyň barşynda «Owganystan boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk» temasy boýunça çykyş etmek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine uly ähmiýet berýändigini hem-de owgan halkynyň döwletliliginiň, ykdysady integrasiýasynyň hem-de abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara tagallalaryna ähli ugurlarda ýardam etmeklige synanyşýandygyny belläp geçdi.
Owganystanyň ählitaraplaýyn ösüşi üçin ykdysadyýetiň energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly ulgamlarynyň aýratyn ähmiýetini nazarda tutmak bilen, Türkmenistan ençeme iri halkara infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereket edýär. Türkmen tarapynyň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň gurluşygynyň ilerledilmegine aýratyn ygrarlylygy bellenilip geçildi.
Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Owganystan bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Köpsanly owgan talyplary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýarlar, okuwlaryny tamamlanlar bolsa Owganystanyň dürli döwlet edaralarynda zähmet çekýärler we şunuň bilen hem ýurduň ösüşine saldamly goşant goşýarlar.   
Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan 2020-2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamasynyň çarçuwasynda ileri tutulýan hereketler dogrusynda gürrüň berdi. Türkmenistanyň Hökümeti doganlyk ýurda durmuş maksatly ençeme desganyň gurluşygyny amala aşyrmak arkaly hem ynsanperwerlik häsiýetli kömegini berýändir. Türkmenistan Balh welaýatynda mekdebi, Farýab welaýatynda oba hassahanasyny, Hyrat welaýatynda çaga dogrulýan öýi gurup ulanmaga berdi. Ýakyn wagtda bolsa türkmen tarapynyň ýardam etmeginde Owganystanda gurlan 500 adamlyk metjidiň açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

şu gün 11:32
1.4k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

şu gün 07:40
3.8k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......

düýn 07:34
7.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......

31.05.2026 13:30
6.6k+

Fransiýada 3D-printerde Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýy çap edildi

Fransiýada 3D çap tehnologiýasy ulanylyp gurlan Ýewropanyň iň uly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. 12 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýy üç gatly bina bolup, bary-ýogy 34 günde çap edildi....