Türkmenistanda Bitaraplygyň baýramçylyk çäreleri tomaşaçysyz geçer

  • 23.11.2020 22:39
  • 12k+

Türkmenistanda ýiti ýokanç keselleriň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, 2020-nji ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çärelere gatnaşýanlaryň sanyny çäklendirmek hakynda çözgüt kabul edildi.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, 2020-nji ýylyň 12-nji dekabryna meýilleşdirilen sungat ussatlarynyň halkara konserti, ýaş estrada aýdymçylarynyň arasyndaky «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji konserti, Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda–senagat edarasynda geçirilýän baýramçylyk dabaralary tomaşaçysyz telewizion konsert görnüşinde geçer.
Şeýle hem dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna bagyşlanan we umumy döwlet senenamasynda meýilleşdirilen sport ýaryşlary arassaçylyk-öňüni alyş çäreleriniň berk berjaý edilmeginde tomaşaçysyz geçer.
Belläp geçsek, Türkmenistanda täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen kesellemäniň ýeke ýagdaýynyň hem häzirki wagta çenli ýüze çykarylmandygyna garamazdan, ýurtda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtüklerini dakmaklyk hem-de beýleki birnäçe çäklendirmeler girizildi.

01.04.2026 15:57
9.7k+

Owganystanda we Pakistanda ýagan güýçli ýagyşlar weýrançylyklara sebäp boldy

Soňky bäş günüň dowamynda ýagan güýçli ýagyşlar Owganystanda we Pakistanda uly möçberli siliň gelmegine hem-de binalaryň ýykylmagyna sebäp boldy. Duşenbe güni häkimiýetleriň beren maglumatyna görä, heläk......

30.03.2026 23:13
13k+

Günbatar Awstraliýany eýmenç gyzyl duman gaplady. Munuň sebäbi näme?

Awstraliýanyň Karnarwon şäheriniň golaýynda tozanly tupan sebäpli asman gyzyl reňke boýaldy. Bu barada "Fox Weather" neşiri habar berýär....

30.03.2026 10:47
9.7k+

Fransiýa güýçli ýel-ýagyn zerarly 5,2 milliard ýewrolyk zyýan çekdi

2025-nji ýylda Fransiýada bolup geçen tebigy harasatlar we betbagtçylyklar jemi 5,2 milliard ýewro möçberinde maddy zyýan ýetirdi. Bu barada France Assureurs ätiýaçlandyryş agentligi habar berýär....

29.03.2026 01:10
15k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......