«Tottenhem» «Mançester Sitini» ýeňip, APL-de birinji orny eýeledi

  • 22.11.2020 11:00
  • 5.2k+

Futbol boýunça Angliýanyň çempionatynyň dokuzynjy tapgyr duşuşygynda Londonyň “Tottenhemi” öz meýdançasynda “Mançester Sitini” 2-0 hasabynda ýeňdi.

Gollary Son Hyn Min (5-nji minut) we Jowanni Lo Çelso (65) geçirdi. Argentinaly oýunçy eýýäm oýna gireninden bir minutdan soň tapawutlanmagy başardy. Harri Keýniň netijeli pasy bilen ol pökgini tora girizdi.
Häzir Son Hyn Miniň hasabynda çempionatda dokuz goly, Keýniň hasabynda dokuz netijeli geçirimi bar. Iki görkeziji boýunça-da, oýunçylar çempionatyň häzirki liderleri.
London klubyna portugaliýaly Žoze Mourinýu, “Mançester Siti” klubyna ispaniýaly Hosep Gwardiola ýolbaşçylyk edýär. Mourinýu Gwardiolany ýedinji gezek ýeňdi, Gwardiolanyň hasabynda 11 ýeňiş bar, olaryň ýolbaşçylygyndaky klublar alty gezek deňme-deň oýnadylar. Portugaliýalynyň tälimçiniň “Tottenhemiň” başyna geçeli bäri, london kluby Gwardiolanyň topary “Mançester Siti” bilen geçirilen iki oýunda-da ýeňiş gazandy.
Bu ýeňşiň netijesinde “Tottenhem” dokuz tapgyrda 20 utuk gazanyp, Angliýanyň premýer-ligasynyň tablisasynda birinji orny eýeledi. “Mançester Siti” sekiz duşuşykda 12 utuk bilen 10-njy orunda ýerleşýär. Indiki tapgyrda “Tottenhem” 29-njy noýabrda myhmançylykda Londonyň “Çelsi” kluby bilen duşuşar, “Mançester Siti” bir gün öň “Býornlini” kabul eder.
Günüň beýleki oýunlarynda “Çelsi” “Nýukasly” 2-0 hasabynda, “Braýton” “Aston Willa” toparyny 2-1 hasabynda ýeňdi.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......