Saud Arabystany dünýäniň iň iri wodorod üpjün edijisi bolmagy meýilleşdirýär

  • 21.11.2020 23:37
  • 6.3k+

Dünýäniň iň iri nebit eksport edijisi bolan Saud Arabystany klimatyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm rol oýnaýan ýangyç bolan wodorodyň iň uly eksportçysy bolmagy maksat edinýär diýip, Saud Arabystanynyň energetika ministri şazada Abdulaziz ben Salman Er-Riýaddaky brifingde aýtdy. Bu barada finmarket.ru habar berýär.

Ýurtda uly tebigy gaz gorlary “mawy ýangyjy" öndürmäge mümkinçilik berýär diýip, ol uglewodoroddan alynýan ýangyjy göz öňünde tutmak bilen belledi. Sentýabr aýynda Saud Arabystany dünýäde ammiak görnüşine öwrülen “mary” wodorodyň ilkinji tapgyryny Ýaponiýa iberdi.

Saud Arabystany 2025-nji ýyldan başlap, Neom şäherindäki kärhanada wodorody Gün şöhlesiniň hasabyna öndürmegi hem meýilleşdirýär, şeýle ýagdaýda gürrüň “ýaşyl” wodorod barada gidýär. Er-Riýad energiýa çeşmelerini möhüm üpjün ediji derejesini saklamak isleýär.

Şeýle-de bolsa, wodorody daşamak çylşyrymly iş bolup durýar, onuň önümçiligi köp energiýany talap edýär we bu onuň gymmat bolmagyna getirýär. Halkara energetika agentliginiň maglumatlary boýunça, “ýaşyl” wodorodyň bahasy kilogramyna 3,50 ýewrodan 5 ýewro çenli barabar. Adaty wodorodyň bir kilogramynyň önümçilik bahasy 1,5 ýewro töweregi. “mawy wodorodyň" önümçilik bahasy şu bahalaryň aralygynda.

20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......