Türkmenistan we BMG adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak meselesini maslahatlaşdy

  • 20.11.2020 22:44
  • 3.8k+

Wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň ministrlikleriniň, Adatdan daşary ýagdaýlar we raýat goranyşy merkezi gulluklarynyň hem-de BMG-niň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 2021-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny tassyklamak üçin bilelikdäki duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak we 2021-nji ýylda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak, şol sanda gol çekilen bilelikdäki hereketleriň meýilnamalarynyň çäklerinde bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmek ýaly işleriň ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.

Şeýle hem duşuşygyň dowamynda 2020-nji ýyl üçin Bilelikdäki Hereketleriň Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň netijelerine garaldy, ýurt derejesinde hyzmatdaşlygy güýçlendirmek barada pikir alşyldy hem-de Merkezi Aziýa sebitinde özara gatnaşyklaryň çäklerinde ilerledip boljak, şol sanda betbagtçylyk töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara garşy göreşmek ugrunda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy

Mundan başga-da, taraplar tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Milli platformanyň iş ugurlaryny we düzümini, Türkmenistanyň "Adatdan daşary ýagdaýlarda halkara ynsanperwer kömegi hakynda" kanunyny durmuşa geçirmek üçin zerur kadalaşdyryjy we hukuk düzgünlerini, şeýle hem betbagtçylyk ýagdaýlarynyň töwekgelçiligini azaltmak we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk babatynda sebit derejesinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ileri tutulýan meselelerini kesgitlediler.

 

düýn 23:10
7.3k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.1k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.7k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

09.05.2026 19:12
9.1k+

Indoneziýada Dukono wulkanynyň atylmagy sebäpli syýahatçylar dereksiz ýitdi

Şenbe güni Indoneziýanyň häkimiýetleri Ýuwaş ummanyndaky Halmahera adasynda ýerleşýän Dukono wulkanynyň atylmagyndan soň dereksiz ýiten iki sany singapurlynyň ýerini anykladylar. Resmi wekiller häzirki wagtda......