2021-nji ýylyň nyşanyna teklip edilýän taslama görnüşleri görkezildi

  • 20.11.2020 16:41
  • 10k+

Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen taýýarlanan nyşanlaryň teklip edilýän taslama görnüşleri barada, şeýle hem Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli guraljak medeni çäreler barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň nyşanynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen bäsleşige dürli ulgamlaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem-de höwesjeň raýatlaryň ençemesi gatnaşdy. Bäsleşige jemi 700-e golaý taslama gelip gowuşdy, emin agzalary tarapyndan olaryň iň gowulary seçilip alyndy.

Döwlet Baştutany nyşanyň hödürlenen görnüşlerini synlap, olar babatda anyk teklipleri aýtdy hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Medeniýetleriň özara gatnaşyklary ägirt uly parahatçylyk döredijilik kuwwatyna eýedir. Döwlet Baştutanymyz ondan netijeli peýdalanmagyň döredijilik işgärleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridigini aýdyp, Watanymyzyň Bitaraplyk baýramynyň, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda guralýan beýleki baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek barada wise-premýere hem-de häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 07:37
25

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....