Türkmen wekilleri Halkara Sergiler býurosynyň tejribesini öwrenýärler

  • 19.11.2020 23:42
  • 2.2k+

Halkara Sergiler býurosy şu ýylyň 16-18-nji noýabr aralygynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde onlaýn okuw maslahatyny geçirdi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) saýtynda habar berlişi ýaly, okuw maslahatynyň açylyş dabarasynda Halkara Sergiler býurosynyň baş sekretary Dimitriý Kerkentzes, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Döwletgeldi Rejepow, şeýle hem Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi Şöhrat Jumaýew çykyş etdiler.

Onlaýn okuw maslahatyna ministrlikleriň we pudak edaralaryň wekilleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary gatnaşdylar. TSTB tarapyndan maslahata Birleşmäniň Söwda we hyzmatlar bölüminiň wekili gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda Halkara býuronyň bilermenleri türkmen hünärmenlerini guramanyň işi bilen tanyşdyrdylar hem-de sergi-ýarmarka gurnamak tejribesi bilen paýlaşdylar. Şeýle-de Halkara Sergiler býurosynyň howandarlygynda gurnalýan sergilere gatnaşmagyň kommunikasion we tehniki ugurlaryna seredildi.

Halkara Sergiler býurosy hökümetara guramasy bolup, ol 1928-nji ýylda esaslandyryldy we häzirki wagtda onuň düzümine 169 döwlet girýär.

şu gün 07:37
19

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....