«Ýewrowideniýe — 2021» bäsleşigini geçirmegiň düzgünleri belli boldy

  • 19.11.2020 23:12
  • 4.1k+

«Ýewrowideniýe — 2021» aýdym-saz bäsleşigine gatnaşyjylar öz çykyşlaryny bäsleşik başlamazdan ozal, wideo ýazga geçirerler. Bu barada çäräniň guramaçylarynyň saýtynda neşir edilen metbugat beýanynda habar berilýär diýip, fbm.ru belläp geçýär.

Bu karar artistler pandemiýa bilen  bagly çäklendiriji çäreler sebäpli Rotterdama gelip bilmedik ýagdaýynda, olary ätiýaçlandyrmak maksady bilen guramaçylar tarapyndan kabul edildi.
Ähli artistler öz ýurtlarynda konsert çykyşyny studiýa ýazgysyna geçirmeli. Ol bäsleşik başlamazdan ozal, guramaçylara berilmeli. Ýazgy «Ýewrowideniýede» bolşy ýaly, wokal ýerine ýetirilişine ýa-da ýazgydan soň çykyşyň haýsydyr bir bölegine hiç hili üýtgeşme girizmezden, real wagtda amala aşyrylar.
Bäsleşik başlamazdan öň, çykyşyň wideo ýazgysyny köpçülige hödürlemek düýbünden gadagan edilýär. Janly çykyş üç dublda ýazylmaly. Ähli proses bäsleşigiň ýerine ýetiriji ýolbaşçysynyň, garaşsyz synçynyň we guramaçy ýaýlymyň wekiliniň gönüden-göni gözegçiliginde bolar. Bäsleşik üçin haýsy dublyň saýlanjakdygyny milli wekiliýetiň ýolbaşçysy kesgitlär. Şunuň bilen birlikde, metbugat relizinde bellenilişi ýaly, gatnaşyjylaryň ähli ýazgylary mart aýynyň ahyryna çenli guramaçylara tabşyrylmaly.
Ýatlap geçsek, “Ýewrowideniýe-2021” indiki ýylyň maý aýynda Rotterdamda geçiriler.

şu gün 07:37
19

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....