Türkmenistanda medeniýet we hyzmat edaralarynyň işine çäklendirmeleriň möhleti uzaldyldy

  • 19.11.2020 08:20
  • 14k+

Ýiti öýken sowuklama keselini döredijileriň ýurdumyza getirilmeginiň we ýaýradylmagynyň öňüni almak maksady bilen, Türkmenistanda medeniýet we hojalyk hyzmat kärhanalarynyň işine çäklendirmeleriň möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

Şuňa laýyklykda, kinoteatrlaryň, teatrlaryň, oýun attraksionlarynyň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzülýän howuzlaryň, fitnes we aerobika klublarynyň) işi çäklendirilýär. Çäklendirmeler şeýle hem eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, gysga möhletli tölegli okuwlara we oýun merkezlerine hem degişlidir.

Mundan öň, bu edaralaryň we kärhanalaryň işine çäklendirmeler 15-nji noýabra çenli diýlip bellenilipdi.

düýn 20:17
3.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......