Döwletjan Ýagşymyradow UFC bilen Bellator-yň birini saýlamakçy

  • 17.11.2020 11:50
  • 24k+

Garyşyk söweş sungaty boýunça meşhur türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow ýakyn wagtda MMA-nyň iň uly iki promouşeniniň biriniň — Ultimate Fighting Championship ýa-da Bellator MMA-nyň hataryna goşulyp biler. Bu barada 31 ýaşly türgen Stambulyň “Craton” myhmanhanasynda geçirilen metbugat-maslahatynda aýtdy.

UFC-niň düzümine geçmekde esasy mesele ABŞ-a wiza almak. Türgeniň bellemegine görä, «Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna wiza alanyňdan soňra, gurama bilen şertnama baglaşyp bolýar. Şonuň üçin wizanyň alynmagyna garaşarys. Bellator ýa-da UFC – haýsysy bolsa-da, şondan soň dowam ederis. Özüm-ä UFC bilen şertnama baglaşaryn diýip pikir edýärin. Häzirki wagtda men erkin agent».

Döwletjan Ýagşymyradow janköýerleriniň biriniň ýarym agyr agram derejesinde UFC-niň çempiony tituly ugrunda amerikaly Jon Jons bilen göreşmeli boljakdygy baradaky soragyna şeýle jogap berdi:

“Jon Jons - rowaýaty söweşiji, ol ýarym agyr agram derejesinde UFC-niň çempiony. Agyr agram derejesine geçmekçi bolýandygy üçin onuň guşagy boş dur. Men bolsa 93 kilograma çenli ýarym agyr agramda çykyş edýärin. UFC-de çykyş etmek üçin, ilki bilen, olar bilen şertnama baglaşmaly. Şonuň üçin heniz belli däl, UFC ýa-da Bellator - haýsy hem bolsa birinde güýjümi synap görmekçi. UFC-e, Bellatora ýa-da başga bir gurama gitjekdigimizi diňe wiza alanymyzdan soň kesgitläris. Saýlamak meselesi nähili teklipleriň geljekdigine hem bagly. Elbetde, UFC birinji ýerde durýar, munuň özi uly abraý, bu barada gürrüň ýok. Emma UFC şertnama boýunça Bellatordan has az girdejili. Bellator gowy şertnamalar hödürleýär. Geljekde nähili ýol tutjakdygymyzy entek gutarnykly kesgitläp bilemzok "- diýip, ol nygtaýar.

Ýarym agyr agramda ACA-nyň çempiony şu ýylyň oktýabr aýynda şertnamasy gutarandan soň, rus guramasyny terk edipdi. Ol ACB-niň çempionlyk guşagyny 2018-nji ýylda russiýaly Batraz Agnaýewi ýeňip gazanypdy. 2019-njy ýylda, eýýäm ACA-nyň çempiony statusynda bolan Ýagşymyradow guşagyny iki gezek gorady. Türkmen söweşijisinde 18 ýeňiş, bäş ýeňliş we bir deňlik bar.

düýn 11:51
3.6k+

Audi 1001 at güýjündäki Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi: brendiň taryhyndaky iň güýçli ulag

Audi 1001 at güýjüne eýe bolan Nuvolari gibrid superkaryny görkezdi. Bu brendiň taryhyndaky iň güýçli we iň çalt önümçilik modelidir....

düýn 11:31
2.5k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

düýn 10:24
4.7k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

düýn 08:15
3.5k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....