Türkiýe Google-a 25,6 mln dollar jerime saldy

  • 15.11.2020 17:51
  • 15k+

Türk häkimiýetleri Google amerikan kompaniýasyna “umumy gözleg bazarynda agdyklyk ediji ornundan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin” 25,6 mln dollar jerime salmak kararyna geldi. Bu barada “Sabah” neşirine salgylanyp, iz.ru belläp geçýär.

Degişli karar Türkiýäniň monopoliýa garşy edarasy tarapyndan kabul edildi.
Hünärmenleriň maglumatlaryna görä, kompaniýa elektron söwda bazary üçin mahabat girdejisini getirmeýän “düşnüksiz we güýçli mahabat hili” bilen tekst bildirişlerini ýerleşdirdi. Şeýlelik bilen, gözleg ulgamy beýleki gözleg netijeleri almagy kynlaşdyrdy.
Ozal Google LLC kompaniýasy Russiýanyň kazyýetine Russiýada gadagan edilen mazmunyň gözleg ulgamynda pes hilli barlagy üçin 1,5 mln rubl möçberinde jerime tölenendigini habar berdi.
Oktýabr aýynda ABŞ-nyň Adalat ministrliginiň Google kompaniýasyny monopolizmde aýyplap, oňa garşy kazyýet işini açandygy belli boldy. Sentýabr aýynda Google-iň Fransiýada salgyt tölemezlik bilen bagly iş boýunça tas 1 mlrd ýewro tölejekdigi habar berildi.
2018-nji ýylyň iýul aýynda Ýewropa komissiýasy Google kompaniýasyna “ÝB-niň monopoliýa garşy düzgünlerini bozandygy” we Android-gurluşlaryny öndürijilere hem-de mobil aragatnaşyk operatorlaryna “bikanun çäklendirmeleri” üçin 4,34 mlrd ýewro möçberinde jerime saldy.

20.05.2026 15:31
804

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

20.05.2026 11:34
4.2k+

Lewandowski Chery awtobrendiniň global ilçisi boldy

«Barselonanyň» hüjümçisi Robert Lewandowski Hytaýyň Chery awtokompaniýasynyň dünýä derejeli global ilçisi boldy....

19.05.2026 20:20
2.9k+

Samsung-yň işgärleriniň öýkesi agyr: pul baýraklarynyň arasyndaky tapawut nägilelige eltdi

Samsung Electronics kompaniýasynyň 45 müňden gowrak işgäri korporasiýanyň bölümleriniň arasyndaky bonus tölegleri bilen bagly dawa sebäpli 21-nji maýda kompaniýanyň taryhyndaky iň uly 18 günlük iş taşlaýyşa......

19.05.2026 16:35
4.6k+

Düwmeli Nokia 1100 taryhda iň köp satylan telefon boldy

Ykjam gurluşlaryň taryhynda iň köp satylan telefon düwmeli Nokia 1100 modeli boldy. «BGR» neşiriniň maglumatlaryna görä, bu enjamyň satuwy 250 million birlige ýetdi....