Alty ýaşly hindi oglanjygy dünýäniň iň ýaş programmisti boldy

  • 14.11.2020 19:46
  • 15k+

6 ýaşly hindi oglanjygy Arkham Om Talsaniýa 7 ýaşynyň dolmazyndan bir gün öň dünýäniň iň ýaş programmisti hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girdi. Bu barada Cursorinfo habar berýär.

Arkham programmist statusyny almak üçin Python programmirleme dilinde ýörite okuw geçdi we Microsoftyň sertifikat synagyny üstünlikli tabşyrdy.

"Maňa programmirlemegi kakam öwretdi. Iki ýaşymda planşet ulanyp başladym. Üç ýaşymda bolsa iOS we Windowsly enjamlary edindim"-diýip, dünýäniň iň ýaş programmisti aýdýar.

Arkham kiçi oýunlar üçin programma üpjünçiligini ýazyp başlady we Ginnesiň Rekordlar kitabynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekdi. Barlagdan soň, oglana dünýäniň iň ýaş programmisti adyny tassyklaýan şahadatnama gowşuryldy. Talsaniýa öz gezeginde telekeçi bolup, hemmelere kömek etmek isleýändigini aýtdy.

“Meniň telekeçi bolasym we hemmelere kömek edesim gelýär. Programmirlemek üçin programmalar, oýunlar we ulgamlar döretmek isleýärin. Mätäçlere-de kömek etmek isleýärin"-diýip, Arkham Om Talsaniýa belleýär.

şu gün 07:37
19

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....