Minskiň köçelerinde we howa menzilinde Türkmenistan barada wideorolik görkezilýär

  • 14.11.2020 18:41
  • 29k+

Belarus Döwletiniň paýtagtynyň we “Minsk” milli halkara howa menziliniň esasy ekranlarynda Türkmenistan barada wideorolik görkezilýär. Türkmenistanyň Belarusdaky ilçihanasy tarapyndan türkmen bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralan bu çäre Minskde 12-nji noýabrdan 16-njy noýabr aralygynda geçirilýär. Bu barada ORIENT habar berýär.

Şekilleriň üýtgemegi bilen açyk we reňkli sýužet onuň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna türkmen halkynyň medeniýeti we däp-dessurlary, Türkmenistanyň häzirki durmuşy, syýasat, ykdysadyýet, sungat we sport ugurlaryndaky üstünlikleri barada has köp zatlary bilmäge mümkinçilik berýär.
Wideorolik her 15 minutdan – sagatda 4 gezek ýa-da günde 96 gezek Belarus Respublikasynyň Merkezi sport köşgüniň meýdançasynda, iň köp hereketli köçeleriň biri bolan Nemigada, Garaşsyzlyk şaýoly bilen Lenin köçesiniň çatrygyndaky ýerasty geçelgede, şeýle-de “Minsk” milli halkara howa menzilinde guralan monitorlarda görkezilýär.

şu gün 07:37
19

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....