"Barselona" Golliwud kinosynyň hasabyna 200 million ýewro gazanmagy meýilleşdirýär

  • 14.11.2020 11:45
  • 9.1k+

"Barselonanyň" ýolbaşçylary koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykýan maliýe meseleleriniň çözgütlerini gözlemegini dowam etdirýär. Klubuň 2020/21-nji möwsümdäki girdejisi 300 million ýewro aşaklady diýip, sportmail.ru habar berýär.

Bu meselede katalonlylar hemaýatkärlik goldawyny kino pudagyndan gözleýärler. Žurnalist Sike Rodrigesiň pikiriçe, klubuň işgärleri Golliwudyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olaryň amerikan kompaniýalarynyň topary bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşmak niýeti bar.
"Barselona" kinony täze girdeji çeşmesi we öz brendini ösdürmegiň ýoly hökmünde görýär. Golliwudyň kömegi bilen klub, takmynan, 200 million ýewro gazanmagy meýilleşdirýär. Onuň 100 milliony gönüden-göni käbir taslamalar bilen hyzmatdaşlykdan, ýene 100 milliony bolsa, umuman, biznesi ösdürmekden gelmeli.

şu gün 07:37
25

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....