Türkmen daýhany äpet hyýar ösdürip ýetişdirdi

  • 13.11.2020 23:00
  • 56k+

Lebap welaýatynyň Saýat şäheriniň 69 ýaşly ýaşaýjysy Hemra Babaýew bakjasynda agramy 27 kilogram 134 grama barabar bolan hyýar ýetişdirdi. Onuň uzynlygy 96 santimetre, iň ýogyn ýeriniň daşynyň aýlawy bolsa 83 santimetre ýetýär. Bu barada Jeyhun news habar berýär.

Hemra Babaýew etrabyň 3-nji "Şöhle" çagalar bagynda ýeňil iş bejeriş ussasy bolup işleýär. Birnäçe ýyl mundan ozal ol aýaly Zöhre Babaýewa bilen Saýat etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna degişli ýerden 20 sotok bölek ýer alyp, onda miweli bagy dikeltmek barada şertnama baglaşypdyr. Häzir ol bu ýerden gowy hasyl alýar. Är-aýalyň bagynda armyt, ülje, injir, erik, garaly, çereşnýa ýaly agaçlaryň 100 düýp gowragy ösýär. Agaçlaryň aşagynda uly bolmadyk ýer böleginde bolsa pomidor, badamjan, hyýar, ýer tudanasyny hem ýetişdirýär.
Bu ýyl hyýaryň biýarasynyň bir goly çyrmaşyp, mal agylynyň üstüne çykypdyr. Hemra Babaýew muňa känbir ähmiýet hem bermändir. Bir gezek onuň uly ogly Merdan agylyň üstüne çykyp, kakasyna ol ýerde täsin ululykdaky üç sany hyýaryň ösüp durandygy barada aýdypdyr. Hemra aga oňa degmezligi, ýene-de birazajyk garaşyp, näme boljagyna garaşmagy teklip edipdir. Şeýlelikde üç hyýary oktýabr aýynyň 30-ynda ýolupdyrlar. Onuň tohumynyň ýere sepileninden ýolunýança, ýedi aý töweregi wagt geçipdir.

— Biz bu ekine ýörite garaşyk etmedik. Onuň biýarasy ýer tudanasy ekilen joýada gögerdi. Şonuň üçin hem oňa ýer tudanasyna beren dökünlerimiz berdik — diýip, Hemra Babaýew gürrüň berýär.

Ol ekine mineral dökünlerden başga, çüýredilen ders beren eken. Är-aýalyň ikisi hem şeýle äpet hyýarlaryň nädip ýetişendiklerine özleri hem haýran galýarlar. Ony tebigatyň gudraty diýip hasap edýärler. Ýöne geçen ýyl hem, bu ýylkysy ýaly bolmasa-da, uly hyýaryň ýetişendigini aýdýarlar.
Ginnesiň rekordlar kitabyna giren dünýäde iň uly hyýary Beýik Britaniýaly Alf Kobb ýetişdirdi. Onuň ýetişdiren hyýarynyň uzynlygy 92 santimetre, agramy bolsa 12,5 kilograma ýetdi.

şu gün 07:37
19

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....