Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergi geçiriler

  • 13.11.2020 15:45
  • 4.9k+

Penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ç.Gylyjow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Diýarymyzyň ähli ugurlar boýunça gazanýan üstünliklerini giňden görkezmäge gönükdirilen sergide döwrebap interaktiw multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak göz öňünde tutulýar.
Serginiň çäklerinde ylmy-amaly konferensiýalary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikleri, tanyşdyryş çärelerini geçirmek meýilleşdirilýär. Şolaryň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekiler.
Wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna halkara forumyň iş maksatnamasynyň taslamasyny hödürläp, 1-10-njy dekabr aralygynda gazanylan üstünlikleriň gözden geçirilişini guramagy teklip etdi.
Türkmen Lideri Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere hem-de halkara sergilerine görülýän taýýarlyk işlerini makullap, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

şu gün 07:37
19

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....