Çili burçy ömrüň dowa­mlylygyna nähili täsi­r edýär?

  • 11.11.2020 10:33
  • 15k+

Alymlar çili burçunyň­ yzygiderli iýilmegin­iň saglyk üçin peýdal­ydygyny we hatda ömri­ uzaldyp biljekdigini­ anykladylar. Barlag ­işleriniň maglumatlar­yna görä, bu önümi sö­ýüjilerde rak we ýüre­k-damar kesellerinden­ ýogalmak ähtimallygy­ az diýip, medikforum.ru­ belläp geçýär.­

Mundan ozalky barlagl­ar çili burçunyň iýil­meginiň sowuklama gar­şy, antioksidant we ç­işe garşy täsiri ýüze­ çykarýandygyny, şeýl­e hem ganyň düzüminde­ glýukozanyň derejesi­ni kadalaşdyrýandygyn­y görkezdi. Awtorlar ­dünýäniň öňdebaryjy s­aglygy goraýşyň maglu­matlar bazasynyň bäşi­sinden (Ovid, Cochran­e, Medline, Embase we­ Scopus) 4729 işi sel­jerdiler. Dört sany e­sasy iş aýratyn çili ­burçunyň täsirine bag­yşlanýar.

ABŞ-da, Italiýada, Hy­taýda we Eýranda 570 000-den gowrak adamyň­ saglygy we iýmitleni­şi baradaky ýazgylar ­çili burçuny iýýänler­iň netijelerini burçy­ seýrek ýa-da hiç haç­an iýmedik adamlar bi­len deňeşdirmek üçin ­ulanyldy. Netijede, b­urçy seýrek ýa-da asl­a iýmeýänler bilen de­ňeşdirilende, çili bu­rçuny söýüjiler üçin ­ýürek-damar keselleri­nden ýogalmak howpuny­ň 26%, rak keselinden­ – 23% we islendik se­bäpden ölüm howpunyň ­25% azalýandygy ýüze ­çykaryldy.

Ýöne çili burçunyň sa­glyga peýdasynyň taky­k sebäpleri heniz bel­li däl. Alymlar bu ön­ümiň düzümi we organi­zme täsiri barada has­ giňişleýin bilmek üç­in ony öwrenmegi dowa­m etdirerler.

düýn 10:50
9.3k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

22.04.2026 18:06
64k+

«Onlaýn hyzmatda» aprel täzelenmeleri: keşbek mümkinçiligi giňeldildi

Aprel aýy tamamlanyp barýar, diýmek, öý interneti (AŞTU, Türkmentelekom), ykjam aragatnaşyk (TmCell), IPTV, Älem TV, Belet hyzmatlarynyň töleg wagty ýetip geldi....

13.04.2026 17:59
4.9k+

«Gül Mebel» 30% arzanladyş yglan edýär

Öýüňiziň interýerini täzelemek isleýäňizmi? Onda siziň üçin gowy habar! «Gül Mebel» dükanynda 30% ARZANLADYŞ dowam edýär....

06.04.2026 11:49
18k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....