TDH Hindistanyň iri ANI habarlar agentligi bilen hyzmatdaşlyk eder

  • 10.11.2020 14:01
  • 4.9k+

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentligi özara habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekdi.

Duşenbe güni wideoaragatnaşyk boýunça geçirilen gepleşikleriň barşynda ANI-niň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk ýörelgelerine hem-de ýurdumyzyň maglumatlar syýasatyna esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy.
Türkmen-hindi hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary bu agentlikleriň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleriniň hatarynda görkezildi.
Taraplar Ähtnama laýyklykda dessin habarlary, Türkmenistanyň we Hindistanyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer durmuşy hakyndaky seljerme makalalaryny yzygiderli alşarlar.
Asian News International agentligi Hindistanda, sebitde we tutuş dünýäde 100-den gowrak düzümi özüne birikdirýän Günorta Aziýada esasy multimedia habarlar agentligi bolup durýar.

şu gün 07:37
25

Täjigistanda Abu Aly ibn Sina adyndaky halkara baýrak döredildi

Täjigistanda lukmançylyk ulgamynda Abu Aly ibn Sinanyň (Awisenna) adyndaky halkara baýrak döredildi....

düýn 23:19
840

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.6k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.7k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....