“Ýuwentus” möwsümiň ahyrynda Ronalduny satmagy meýilleşdirýär

  • 09.11.2020 19:00
  • 12k+

Turiniň “Ýuwentusynyň” hüjümçisi Kriştianu Ronaldu 2021-nji ýylyň tomsunda klubdan gidip biler diýip, sport.es habar berýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, toparyň ýolbaşçylygy oýunçyny satmagy göz öňünde tutýar. Italýan klubynyň Ronalduny ýokary aýlygy sebäpli transfer etmekçidigi bellenilýär. Futbolçy möwsümde 31 mln ýewro gazanýar, onuň şertnamasy bolsa 2022-nji ýylyň tomsuna çenli niýetlenen. “Ýuwentus” hüjümçini 100 mln ýewro satmaga taýýar.
Ozal “PSŽ-niň” portugaliýaly oýunça gyzyklanma bildirýändigi barada habar peýda boldy. Häzir Transfermarkt portaly oýunçynyň bazar bahasyny 60 mln ýewro bilen bahalandyrýar.
Ronaldu Madridiň “Realyndan” “Ýuwentusa” 2018-nji ýylda geçdi. Italiýanyň çempionatynyň häzirki möwsüminde ol dört oýna gatnaşdy, olarda 6 goly we bir netijeli geçirimi bilen tapawutlandy.
Ronaldu häzirki möwsümde A seriýada iň gowy bombardirleriň sanawynda ikinji orny eýeleýär. Iň köp pökgi geçiren “Milanyň” oýunçysy Zlatan Ibragimowiçdir (sekiz gol).
“Ýuwentus” 13 utuk gazanyp, A seriýada üçünji oruna galdy. Turin kluby öňdebaryjy “Milandan” üç utuk yza galýar. Turnir tablisasynda ikinji orunda “Sassuolo” (15) ýerleşýär.

şu gün 11:10
1.2k+

Dünýä çempionatynyň 1-nji güni: Meksikanyň ynamly ýeňşi we Günorta Koreýanyň kembegi

Açylyş oýunda Meksika milli ýygyndysy Günorta Afrika Resbuplikasynyň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi....

düýn 23:57
2.5k+

«Time» sport äleminde täsiri uly 100 adamyň sanawyny düzdi

«Time» žurnaly sport pudagynda 2026-njy ýylyň täsiri uly 100 şahsyýetiniň sanawyny hödürledi. Bu reýtinge diňe bir häzirki wagtda çykyş edýän meşhur türgenler we tejribeli tälimçiler däl, eýsem sport......

düýn 16:18
9.9k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 08:03
2.7k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....