Türkmenistanda Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli 25 million agaç nahallary ekiler

  • 08.11.2020 15:26
  • 7.9k+

2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ähli ýerinde saýaly we miweli agaç nahallarynyň, şeýle hem üzümiň 25 million sanysy ekiler.

Agaç nahallarynyň bir bölegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 7-nji noýabrda geçirilen ählihalk bag ekiş çäresiniň barşynda ekildi.
Ýurdumyzyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, ählihalk ýowarynyň barşynda oňa gatnaşan Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy 30 agaç nahalyny ekdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken «Ýurdumyzda 2020-nji ýylda bag ekmek hakynda» Kararyna laýyklykda 2020-nji ýylyň dowamynda Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 25 million düýp nahaly ekiler. Bu hereket ýurdumyzda umumymilli bag ekiş maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegini, şol sanda ýurduň ekologiki abadançylygyny göz öňünde tutmak bilen, döwletiň baky Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanandyr.

düýn 23:19
676

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.4k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

düýn 15:35
6.8k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......