Türkmenistan BMG-niň Ikinji jahan urşunyň pidalaryny hatyralamak günleri hakyndaky kararnamasynyň awtordaşy boldy

  • 07.11.2020 23:51
  • 9.4k+

Türkmenistan Hytaý, Belarus, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan bilen bilelikde, BMG-niň Ikinji jahan urşunda pida bolanlaryň ählisini hatyralamak günleri hakyndaky Russiýa tarapyndan teklip edilen kararnamanyň awtordaşy boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Bu kararnamany BMG-niň Baş Assambleýasy 5-nji noýabrda, penşenbe güni kabul etdi we oňa laýyklykda, 8-nji we 9-njy maý Ikinji jahan urşunda pida bolanlaryň hemmesini hatyralamak güni hökmünde yglan edilýär.

BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleri, şeýle hem BMG-niň guramalaryny, hökümete degişli bolmadyk guramalary we şahsy adamlary 8-nji we 9-njy maýy Ikinji jahan urşunda pida bolanlary hatyralamak güni hökmünde bellemäge çagyrýar - diýlip, kabul edilen kararnamanyň mazmunynda aýdylýar.

Mundan başga-da, şu ýylyň 1-nji dekabrynda söweşde wepat bolanlaryň hatyrasyna ýörite dabaraly maslahat geçirmek teklip edildi. Bu resminamada BMG-niň Baş Assambleýasy 2004-nji ýylyň 22-nji noýabryndaky 8-nji we 9-njy maýy ýatlama we ýaraşyk güni diýip yglan etmek hakyndaky kararnamasyna salgylanýar.

Göwrümi hem-de ýowuzlygy boýunça görlüp-eşidilmedik derejedäki bu uruş bütin dünýä üçin ullakan betbagtçylykdyr. Bilelikdäki ägirt uly tagallalaryň we agyr ýitgileriň kömegi bilen siwilizasiýanyň esaslyk ýörelgelerine abanýan howp aradan aýryldy - diýip, resminamany ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda Russiýanyň BMG-däki wekiliniň orunbasary Gennadiý Kuzmin aýtdy.

düýn 23:19
676

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.4k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

düýn 15:35
6.8k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......