“Barselona” esasy hemaýatkäri bilen şertnamany uzaltdy

  • 07.11.2020 08:40
  • 7.5k+

Katalon “Barselonasy” özüniň baş hemaýatkäri bilen hyzmatdaşlygyny uzaltdy. Bu barada “gök-gyzyllaryň” metbugat gullugy habar berýär diýip, euro-football.ru belläp geçýär.

Klub Rakuten kompaniýasy bilen täze şertnama gol çekdi, şertnama 2021/2022-möwsüminiň ahyryna çenli niýetlenilýär.
Belläp geçsek, taraplar 2017-nji ýylda hyzmatdaşlyga başladylar. Rakuten “Barselonanyň” esasy global hyzmatdaşy hem-de innowasiýa we güýmenje boýunça global hyzmatdaş bolmagynda galar. Onuň söwda markasy 2021/22-möwsüminde birinji topar formasynyň öň ýüzünde şekillendirilmegini dowam etdirer.
Ispaniýanyň çempionatynda alty oýundan soň “Barselona” sekiz utuk gazanyp, turnir tablisasynda 12-nji orunda ýerleşdi. Kataloniýalylar indiki duşuşygyny “Kamp Nouda” “Betis” bilen geçirer.

şu gün 11:43
610

Koenigsegg Jesko Absolut giperkary tizligiň iki rekordyny goýdy

«Koenigsegg Jesko Absolut» giperkary seriýaly awtoulaglar üçin çärýek we ýarym mil aralyklarynda tizligiň iki rekordyny goýdy. ...

şu gün 10:04
2.1k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
4.9k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
5.4k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......