GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

  • 06.11.2020 22:19
  • 4.7k+

6-njy noýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow wekilçilik etdi.

Çykyşynyň dowamynda wise-premýer Türkmenistanyň ýanaşyk sebitlere çykmak bilen GDA-nyň giňişliginde söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýändigini nygtady. Türkmenistanyň Baştutanynyň söwda, senagat, ýangyç-energetika toplumy, elektroenergetika, ulag we kommunikasiýalar ýaly ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalaryň döredilmegi we durmuşa geçirilmegi boýunça işjeň özara hereketleriň alnyp barylmagy babatynda çykyş edýändigi bellenilip geçildi. R.Meredow şeýle taslamalaryň diňe bir GDA-nyň giňişligi bilen çäklenmeli däldigini, «ýanaşyk ýerleşen zolaklara hem gönükdirilen bolup, şol bir wagtyň özünde ýewraziýa ykdysady we maýa goýum giňişliginde uzakmöhletleýin geljek üçin durnukly orny üpjün etmelidigini» nygtady.
Ulag meseleleriniň çözülmegine aýratyn ähmiýet berildi, R.Meredow Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýa we Hazar basseýni sebitinde ulag-logistika geçelgeleriniň döredilmegi boýunça ençeme derwaýys başlangyçlary öňe sürendigi ýatlatdy.
Mejlisiň barşynda türkmen tarapynyň agrosenagat toplumy, maşyngurluşyk, nebitiň we gazyň gaýtadan işlenilmegi, saglygy goraýyş we farmasewtika hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň GDA-da – Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda bilelikdäki işleriň derwaýyslygy aýratyn nygtaldy.

düýn 17:29
5.7k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......