Aşgabatda üç sany täze awtobus ugry açylýar

  • 06.11.2020 21:52
  • 18k+

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 7-nji noýabryndan täze awtobus ugurlarynyň açylýandygyny ýolagçylara habar berýär:

  • 41-nji «Awtokombinat – Kardiologiýa ylmy kliniki merkezi»;
  • 54-nji «Wokzal – Bagyr»;
  • 79-njy «Parahat – Kardiologiýa ylmy kliniki merkezi» ugurlary.

41-nji «Awtokombinat – Kardiologiýa ylmy kliniki merkez» ugry boýunça awtobus «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugraýar we A.Nyýazow şaýoly – S.Myradowa köçesi– Galkynyş köçesi – A.Garlyýew köçesi – Görogly köçesi – A.Nyýazow şaýoly – Seýdi köçesi – Tähran köçesi – Mollanepes köçesi – H.Derýaýew köçesi bilen hereket edip, Kardiologiýa ylmy kliniki merkezine barýar hem-de yzyna Kardiologiýa ylmy kliniki merkezinden ugraýar we Görogly köçesi – A.Garlyýew köçesi – Galkynyş köçesi – S.Myradowa köçesi – A.Nyýazow şaýoly bilen hereket edip, «Awtokombinat» belleniş nokadyna gelýär.

54-nji «Wokzal – Bagyr» ugry boýunça awtobus «Wokzal» belleniş nokadyndan ugraýar we Kemine köçesi – Türkmenbaşy şaýoly – Magtymguly şaýoly – A.Annaýew köçesi – Görogly köçesi – Güneş köçesi – A.Ataýew köçesi – Parahat köçesi – A.Jallyýew köçesi – Ýeňiş köçesi – G.Öwezow köçesi bilen hereket edip, Bagyr ýaşaýyş toplumyna barýar hem-de yzyna Bagyr ýaşaýyş toplumyndan ugraýar we G.Öwezow köçesi – A.Jallyýew köçesi – Parahat köçesi – Görogly köçesi – A.Annaýew köçesi – Magtymguly şaýoly – Türkmenbaşy şaýoly bilen hereket edip, «Wokzal» belleniş nokadyna gelýär.

79-njy «Parahat – Kardiologiýa ylmy kliniki merkezi» ugry boýunça awtobus «Parahat» belleniş nokadyndan ugraýar we A.Garlyýew köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – B.Annanow köçesi – Oguzhan köçesi – N.Andalyp köçesi – Görogly köçesi – A.Nyýazow şaýoly – Seýdi köçesi – Tähran köçesi – Mollanepes köçesi – H.Derýaýew köçesi bilen hereket edip, Kardiologiýa ylmy kliniki merkezine barýar hem-de yzyna Kardiologiýa ylmy kliniki merkezinden ugraýar we Görogly köçesi – N.Andalyp köçesi – Oguzhan köçesi – B.Annanow köçesi – 10 ýyl Abadançylyk köçesi – A.Garlyýew köçesi bilen hereket edip, «Parahat» belleniş nokadyna gelýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312443391.

şu gün 17:04
487

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

şu gün 14:05
1.9k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
1.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

22.06.2026 14:34
2.8k+

Koenigsegg-iň Lego kubiklerinden ýasalan nusgasy sagatda 111 km tizlige çykdy

Lego we Koenigsegg kompaniýalary hyzmatdaşlygyň çäginde «Sadair’s Spear» ekstremal trek giperkaryny jikme-jik gaýtalaýan «Koenigsegg Sadair’s Spear Megacar» toplumyny taýýarladylar. Bu ulag markanyň......