Sambo boýunça dünýä çempionaty tomaşaçysyz geçer

  • 05.11.2020 17:01
  • 8.8k+

Serbiýada geçiriljek 2020-nji ýyldaky Sambo boýunça dünýä çempionaty tomaşaçysyz geçer. Bu barada Halkara sambo federasiýasynyň metbugat gullugyna salgylanmak bilen ТАSS habar berýär.

2020-nji ýyldaky Sambo boýunça dünýä çempionatynyň guramaçylary turniriň geçirilmegine birnäçe çäklendirmeleri girizdiler. Durnuksyz epidemiologik ýagdaý sebäpli, Serbiýada turnir tomaşaçysyz geçer.

Dünýä çempionatynyň guramaçylyk komiteti türgenleriň arasynda kesel töwekgelçiligini azaltmak üçin ähli tagallalary etdi. Munuň üçin türgenlerden we tälimçilerden başlap, eminlere we lukmançylyk işgärlerine çenli ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi howpsuzlyk düzgünlerini berk berjaý etmeli bolarlar. Birinji ädim – Serbiýa Respublikasyna gelmezden 72 sagat öň COVID-19 boýunça PZR barlagyny tabşyrmak, indiki – ýaryşa gatnaşyjylaryň ählisi üçin “arassa zonany” döretmek, bu ýerde başga adamlaryň bolmagyna ýol berilmez, ähli hereketler diňe myhmanhana bilen meýdançanyň arasynda bolar. Bu şertlerde ýaryşyň tomaşaçysyz geçiriljekdigi äşgärdir – diýip, Halkara sambo federasiýasynyň prezidenti Wasiliý Şestakow aýtdy.

Ýaryşa 400-den gowrak türgen gatnaşar. Şeýle-de, Serbiýada Ýaşlar dünýä çempionaty geçiriler. FIAS-yň saýtynda turniriň göni onlaýn ýaýlymy guralar.
Sambo boýunça dünýä çempionaty – 2020 Nowi-Sad şäherinde geçer. Ilkibaşda turnir Aşgabatda geçirilmelidi, ýöne koronawirus pandemiýasy sebäpli döredilen çäklendirmeler bilen baglylykda, Türkmenistanyň Sambo federasiýasy turniri guramakdan ýüz öwürmäge mejbur boldy.
Ýaryş Serbiýada öň meýilleşdirilen Ýaşlar dünýä çempionaty bilen birleşdiriler we 5-nji noýabrdan 8-nji noýabr aralygynda dowam eder. Ýaryşa 30 ýurtdan 400-den gowrak türgeniň gatnaşmagyna garaşylýar.

şu gün 15:52
3.5k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

düýn 23:46
4.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......

düýn 23:02
3.5k+

Alibaba bilen hyzmatdaşlyk UEFA-nyň hemaýatkärlik girdejilerini ýylda 1 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) Hytaýyň Alibaba Group tehnologiýa holdingi bilen maksatnamalaýyn ylalaşyga gol çekdi. 2033-nji ýyla çenli möhletli bu şertnama guramanyň ýyllyk hemaýatkärlik......

düýn 11:43
4.6k+

Peläniň DÇ –1958-iň finalynda geýen köýnekçesi 6 million dollara auksiona çykarylar

Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....