Raýatsyzlygy aradan aýyrmak meselesini şöhlelendirmek boýunça žurnalistleriň arasynda bäsleşik

  • 05.11.2020 16:19
  • 27k+

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we BMG-niň “Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň wideoragatnaşyk görnüşinde geçiren bilelikdäki maslahaty raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ählumumy möwsümini (# Ibelong) durmuşa geçirmegiň nobatdaky senesine bagyşlandy.

Onlaýn — duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Döwlet neşirýat gullugynyň, ýurdumyzyň gazetleriniň we žurnallarynyň, şeýle hem resmi web-saýtlaryň wekilleri çagyryldy.
Duşuşygyň dowamynda raýatlyk we raýatsyzlyk meselelerini giňden açyp görkezýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerine möhüm ornuň degişlidigine üns çekildi. Bu işleri höweslendirmek maksady bilen, BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary žurnalistler üçin bäsleşik yglan etdi. Olar bu ugra degişli wideoşekilleri hem-de çap edilen makalalary hödürläp bilerler.
Maslahatyň dowamynda BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň Merkezi Aziýa boýunça wekilhanasynyň işgärleri bu ählumumy möwsümiň çäklerinde sebitiň ýurtlarynyň ýeten derejesi barada giňişleýin maglumat berdiler. Şeýle hem olar raýatsyzlyk meselelerini çözmek boýunça köpugurly işi alyp barýan Türkmenistanyň öňdäki orunlary eýeleýändigini nygtadylar.
BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissary 2014-nji ýylyň noýabr aýynda #Ibelong on ýyllyk möwsümi herekete girizdi. Onuň çäklerinde ýokary ynsanperwerlik ýörelgelerine, demokratik ösüşiň we häzirki zaman hukuk jemgyýetiniň esaslaryna ygrarly bolan dünýäniň köp sanly ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen ysnyşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýuldy.
Türkmenistanda 2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça döwlet derejesinde Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmegi bu ugurdaky möhüm waka öwrüldi. Ol birnäçe anyk çäreleri göz öňünde tutýar.
Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleriniň belleýişleri ýaly, 2011-nji ýyldan başlap, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 23 müňe golaýy Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.

şu gün 10:59
720

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

şu gün 07:37
1.7k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......

düýn 16:26
4.3k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
7.3k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......