Türkmenistan owganara gepleşiklerine ýardam bermäge taýýardygyny beýan etdi

  • 04.11.2020 15:37
  • 7.2k+

Katar döwletiniň Doha şäherinde bolýan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet parahatçylykly owganara gepleşiklerine gatnaşyjylar bilen duşuşyklary geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, açyk hem-de işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda wekiliýetiň düzümine girýän «Таlyban» hereketiniň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek boýunça owganara gepleşiklerini goldaýandygy beýan edildi we şol bir wagtda diplomatiki hem-de syýasy gurallaryň netijeliligine aýratyn ynam bildirmek bilen, ozal öňe sürlen başlangyçlaryň çäklerinde gepleşikleriň prosesine ýardam bermäge hem taýýardyr.
Türkmen tarapy Owganystanda parahatçylygyň, durnuklylygyň we durmuş-ykdysady ösüşiň ilerledilmegi ugrunda sebit hem-de halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin energetikanyň, ulagyň, tebigy serişdeleriň, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna doly düşünmek bilen Türkmenistan iki goňşy ýurduň we Günorta Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda halkara iri infrastruktura taslamalarynyň ençemesiniň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýär. Ilkinji nobatda TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demirýollarynyň gurulmagy barada gürrüň edilýär.

düýn 22:17
912

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.2k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.7k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....