R.Meredow BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

  • 03.11.2020 15:36
  • 9.9k+

2-nji noýabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini belläp, BMG-niň Terrorçylyga garşy Ählumumy strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde özara hereketleri pugtalandyrmak bilen birlikde sebit hem-de halkara howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berdiler.
Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň terrorçylyk, ekstremizm, serhetüsti jenaýatçylyk, adam söwdasy bilen bir hatarda, sebit hem-de halkara howpsuzlygyň umumy wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek boýunça BMG-niň alyp barýan işlerine gatnaşmaga berk ygrarlylygy babatda ýöredýän daşary syýasy ugruna ýokary baha berildi.
Türkmenistan BMG-niň binýatlaýyn halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň, şol sanda Ýadro ýaragyny ýaýratmazlyk baradaky Şertnamanyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek baradaky Şertnamanyň gatnaşyjysy bolmak bilen, Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolagy döretmek baradaky Şertnamanyň hem-de umuman alnanda, ýaragy ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak kadalarynyň üpjün edilmegi boýunça bilelikdäki tagallalaryň ilerledilmegi ugrunda çykyş edýär.
Taraplar BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň mümkinçilikleriniň ulanylmagy bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp geçdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri nukdaýnazaryndan, dawalaryň öňüniň alynmagynda Türkmenistanyň baky Bitaraplyk syýasatynyň netijeliligi nygtaldy.
Taraplar Türkmenistanyň geostrategik ýerleşişiniň aýratynlygyny nygtamak bilen, terrorçylygyň ýüze çykmagynyň toplumlaýyn sebäpleriniň öwrenilmegi, öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi üçin bilermenlik başarnyklarynyň öz wagtynda alşylmagy bilen bir hatarda, uzak möhletleýin esasda özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar. Taraplar maglumat howpsuzlygynyň meseleleri we hyzmatdaşlygyň ýaşlar bilen bagly ugruny ara alyp maslahatlaşmak bilen, BMG-niň howandarlygynda maglumat giňişliginde howpsuzlygyň üpjün edilmegi boýunça köpugurly hukuk gurallarynyň kabul edilmegine ünsi jemlediler.

şu gün 09:58
2.2k+

Hytaýda dünýäniň iň uly demir ýol menzili açyldy

Hytaýyň Çunsin şäherinde meýdany boýunça dünýäde iň uly hasaplanýan Gündogar demir ýol menziliniň gurluşygy tamamlandy. Umumy meýdany 1,22 million kwadrat metr bolan bu ägirt uly toplum Hytaýyň ýokary tizlikli......

şu gün 09:24
1.5k+

Hindistan sentýabryň ahyryna çenli şeker satmagy gadagan etdi

Hindistanyň hökümeti 2026-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli daşary ýurtlara şeker satmagy bütinleý gadagan etdi. Bu çäklendirme dessine güýje girdi we indiki degişli buýruga çenli dowam eder....

düýn 14:43
8.7k+

Hytaý 500 «Boeing» däl-de, 200 uçar satyn alar: Kompaniýanyň paýnamalary pese gaçdy

Hytaý ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde 200 sany Boeing uçaryny satyn almaga razy boldy. Bu barada Tramp «Fox......

14.05.2026 19:01
1.6k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....