Müsürde El Guna halkara film festiwaly tamamlandy

  • 02.11.2020 19:48
  • 3.2k+

Müsürde dördünji El Guna halkara film festiwaly tamamlandy. Dokuz gün dowam eden festiwalda dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen altmyşdan gowrak çeper film, 18 gysga metražly film we 10 dokumental film görkezildi diýip, Euronews habar berýär.

Gyzyl deňziniň kenaryndaky iň möhüm medeni wakalaryň biri bolan bu halkara film festiwaly koronawirus çäklendirmeleri sebäpli berk karantin çäreleriniň şertlerinde geçirildi. Pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli köp sanly möhüm wakalar ýatyrylansoň, El Guna forumy şu ýyl Ýakyn Gündogarda geçirilen ilkinji halkara film festiwaly boldy.

"Festiwaly, esasan-da, durmuşyň dowam etmegini isleýändigimiz üçin geçirmeli diýen karara geldik. Bu umytdan nyşan, bagtdan nyşan, boýun synmaýandygymyzyň subutnamasy - kino şularyň hemmesini özünde jemleýär" - diýip, Euronews El Guna halkara film festiwalynyň esaslandyryjysy Nagib Sawirisiň sözlerini getirýär.

El Guna film festiwalynyň esasy baýragy bosniýaly režissýor Jasmila Žbaniçiň öz maşgalasyny Srebrenisadaky genosidden halas etmäge synanyşýan BMG-niň terjimeçisi hakdaky "Quo vadis, Aida?" filmine gowşuryldy. Ikinji uly baýraga bolsa "Öz derisini satan adam" filmi üçin tunisli režissýor Kauter Ben Haniýa mynasyp boldy.
El Guna halkara film festiwaly ýaş kinorežissýorlar üçin iň möhüm wakalardan biri hasaplanýar. Forumyň çäklerinde olaryň işine goldaw bermek üçin serişde ýygnaldy. Guramaçylar munuň täze ýüzleri açmaga we geljegiň kinosyny döretmäge kömek etjekdigine umyt bildirýärler.

düýn 23:19
676

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.4k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

düýn 15:35
6.8k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......