Awstraliýada iýundan bäri ilkinji gezek ýekeje-de COVID-19 ýagdaýy hasaba alynmady

  • 02.11.2020 19:33
  • 11k+

Awstraliýanyň lukmançylyk hyzmatlary 9-njy iýundan bäri ilkinji gezek soňky bir günüň içinde COVID-19 koronawirus ýokanjynyň täze ýagdaýyny hasaba almady diýip, ýurduň Saglygy goraýyş ministri Greg Hant habar berdi. Muny INTERFAX.RU ýetirýär.

“Şu gün tutuş Awstraliýa boýunça täze kesel ýagdaýy ýok. Bu 9-njy iýundan bäri kesel derejesi nola deň bolan birinji gün” – diýip, ol twitterde ýazdy.
Hant “Saglygy goraýyş pudagynyň ähli işgärlerine, ilkinji nobatda, Awstraliýanyň halkyna sagbolsun aýdýaryn” diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Günbatar KHBS-i daşary ýurtlardan gelýän Awstraliýanyň ýaşaýjylarynyň bolýan karantin desgalarynda henizem bu keseliň az sanynyň hasaba alynýandygyny belleýärler. Häzirki wagtda ýurtda 200-e golaý işjeň kesel ýagdaýy bar.
Muňa garamazdan, ozal häkimiýetler tarapyndan karantin girizilen Awstraliýanyň ikinji uly şäheri Melburnda ýaşaýjylaryň öýlerinde galmagy bilen bagly buýruk ýatyryldy. Dükanlar, barlar we restoranlar gaýtadan açyldy.
Häzirki wagtda Awstraliýanyň häkimiýetleri pandemiýa sebäpli daşary ýurtlarda galan awstraliýalylaryň öýlerine gaýdyp gelmegi, epidemiýa sebäpli biri-birinden aýra düşen maşgalalary birikdirmek, ýurduň içinde erkin hereketi dikeltmek üçin işleri alyp barýarlar.
Worldometers statistiki saýtynyň maglumatlaryna laýyklykda, Awstraliýada pandemiýa döwründe koronawirus bilen 27 595 adam keselledi, şolardan 907 adam ýogaldy, 25 336 adam sagaldy.

düýn 23:19
676

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.4k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

düýn 15:35
6.8k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......