Milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

  • 02.11.2020 18:20
  • 7.9k+

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Maslahata döwlet we paýdarlar-täjirçilik banklarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle hem ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine täze taryhy eýýamda milli bank ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň, ählumumy we sebitleýin ugurlaryň hem-de onuň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine täsiriniň möhüm meseleleri girizildi.
Maslahatyň dowamynda “Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda, amala aşyrylýan düýpli özgertmeler, degişli kanunçylygy kämilleşdirmek, maliýe-karz syýasatyny we sanly tehnologiýalary ösdürmek, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanda pul dolanyşygynyň taryhy hakynda çykyşlar diňlenildi.
Halkara walýuta gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere möhüm üns berildi.
Bank ulgamy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak meselelerine aýratyn üns berildi.

düýn 17:29
6.2k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

09.06.2026 12:11
12k+

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin güwänama çäklendirmesi ýatyryldy

Özbegistanda daşary ýurtdan getirilýän awtoulaglar üçin laýyklyk güwänamalaryny almagyň öňki çäklendirmesi ýatyryldy. Ozal bu kadalar boýunça şeýle resminamany ýylda diňe bir ulag üçin resmileşdirmäge rugsat......