Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýede bolup geçen ýertitremäniň pidalaryna gynanç bildirdi

  • 01.11.2020 17:30
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Izmir welaýatynda bolup geçen adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny arzuw etdi.
Öň habar berşimiz ýaly, Türkiýäniň günbatar kenarynda 6,6 bal ululykda güýçli ýer titremesi boldy. Ýer titremesiniň ululygyny 7,0 bal diýip çaklaýan ABŞ-nyň Geologik gullugynyň (USGS) maglumatlary boýunça, ýer sarsgynynyn merkezi ojagy Egeý deňzinde 10 km çuňlukda ýerleşýär. Şeýle tebigy hadysa Gresiýada hem hasaba alyndy, ýerli seýsmologlar onuň ululygyny 6,9 bal diýip çakladylar.

20.05.2026 15:16
6.7k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
9.3k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
10k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.6k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......