Aşgabatda “Jahan” döredijilik merkezi açyldy

  • 31.10.2020 18:05
  • 10k+

Paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen “Jahan” döredijilik merkezi açyldy. Medeniýet ulgamynyň täze desgasy Astana köçesiniň ugrunda ýerleşýär.

Onuň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary we beýlekiler gatnaşdylar.
Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, “Jahan” merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.
Açylyş dabarasy sungat ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Konsertde Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgularyna we sazlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Olaryň hatarynda meşhur bolan “Leýlisaç barada rowaýat”, “Ak güllerim saňa”, “Ýadymda”, “Bagt nury” diýen aýdymlar bar. Şol aýdymlary Türkmenistanyň halk artistleri Jemal Saparowa, Gülşat Gurdowa, Annaguly Myratdurdyýew hem-de ýurdumyzyň at gazanan artisti Nurýagdy Rejepow ýerine ýetirdiler.
“Dokmaçylar” döredijilik topary, “Meňli”, “Serpaý”, “Laçyn” tans toparlary aýdymçylara baýramçylyk ruhuny götermäge ýardam etdiler.

düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

düýn 11:13
6.5k+

Ortaýer deňzinde ak akulany ilkinji gezek suwuň astynda surata düşürmek başartdy

Ortaýer deňzinden taşlanyp gidilen we ýitirilen balyk torlaryny çykarmak boýunça geçirilen operasiýa gatnaşan suwasty ýüzüjiler ilkinji gezek uly ýaşly ak akulanyň öz tebigy gurşawynda suwasty kadrlaryny......

düýn 10:55
5k+

«Awtomobil Ulag hyzmaty» awtobus we taksi sürüjilerini işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobuslary we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe alýandygyny yglan etdi....

düýn 08:53
2.7k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....