Aşgabatdaky 9 sany köp gatly awtoduralga we guşçulyk toplumy hususylaşdyrylar

  • 30.10.2020 22:29
  • 11k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Aşgabat şäher häkimliginiň 9 sany köp gatly awtoduralgasyny we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň guşçulyk toplumyny olaryň işiniň esasy ugurlaryny we iş ýerlerini saklap galmak şertinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna bellenen tertipde göni (salgyly) satmak arkaly hususylaşdyrmak tabşyryldy.
Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny ösdürmek, ykdysadyýetde hususy eýeçiligiň paýyny ýokarlandyrmak, kiçi we orta işewürligi ösdürmäge ýardam bermek hem-de söwda we hyzmatlar ulgamynyň işini has-da netijeli guramak maksady bilen, «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kabul edildi.

düýn 23:19
676

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.4k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

düýn 15:35
6.8k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......