Türkmen-koreý gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 29.10.2020 20:56
  • 4.4k+

Şu gün Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesindäki göni wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.

Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýtynyň habar bermegine görä, duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, günortakoreý wekiliýetine Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Kim Gunn ýolbaşçylyk etdiler.
Koreý tehnologiýalarynyň çekilmegi bilen, ykdysadyýetiň nebitgaz we gazhimiýa ulgamlarynda iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatynda iki ýurduň döwlet hem-de hususy düzümleriniň köp ýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy bellenilip geçildi. Şonuň ýaly-da, yzygiderli geçirilýän Işewürlik-forumlarynyň, şol bir wagtda 2019-njy ýylyň oktýabrynda döredilen Bilelikdäki Türkmen-koreý Işewürler geňeşiniň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde diplomatlar ylym we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellemek bilen, türkmen tarapynyň Global “ýaşyl” ösüş institutyna (GGGI) goşulmak hereketi bilen bir hatarda, Koreýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOICA) bilen özara hereketleriň netijeliligini hem aýratyn görkezdiler.
Sport babatynda gürrüňleri dowam etmek bilen, türkmen tarapy iri halkara sport ýaryşlarynyň geçirilmegi, şol sanda hünärmenleriň taýýarlygy boýunça Koreýanyň tejribesiniň öwrenilmegine hem-de koreý tälimçileriniň ýolbaşçylygynda türkmen türgenlerini okatmak meselesi babatynda gyzyklanmasyny beýan etdi.
Häzirki pandemiýa ýagdaýlaryna garşy göreşmek boýunça bilelikdäki tagallalar bellenilip geçildi. Şu nukdaýnazardan, saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has hem ösdürilmeginiň we pugtalandyrylmagynyň, koronawirusyň öňüni almak ulgamynda tejribeleriň alşylmagynyň zerurlygy nygtaldy. Taraplar bilelikdäki ylmy-barlag taslamalarynyň işjeňleşdirilmeginiň wajyplygyny bellemek bilen, Saglygy goraýyş boýunça Türkmen-koreý iş toparynyň ikinji mejlisini ýakyn wagtda göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.

düýn 21:16
4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

düýn 11:32
2.2k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

düýn 07:40
4.8k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......

01.06.2026 07:34
7.9k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......