Türkmenistan Tatarystanda galan raýatlaryny alyp gaýtdy

  • 29.10.2020 16:23
  • 12k+

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Türkmenabatdan Kazana we ondan yzyna çarter uçuşyny gurady. Uçar koronawirus pandemiýasy sebäpli Tatarystan Respublikasynda galan türkmen raýatlaryny getirdi.

T5738 belgili gatnaw bilen Boeing-777-200LR uzak aralyga uçar koronawirus pandemiýasy sebäpli awiagatnawlar bes edilenden soň, Russiýanyň bu sebitinde galmaga mejbur bolan 200-den gowrak raýaty getirdi.
Şeýle-de, agzalan gatnaw bilen islendik adam 45 kilogramdan gowrak agramda ýük iberip bildi diýip, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Russiýadaky wekilhanasynyň resmi saýty habar berdi.
Raýatlarymyzy Watanymyza tapgyrlaýyn getirilmek işi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça amala aşyrylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) talaplaryna laýyklykda, çarter uçuşy arkaly Russiýadan gelen Türkmenistanyň ähli raýatlary hökmany iki hepdelik karantin geçerler.
Öň, Türkmenistanyň hökümeti Türkiýeden, Russiýadan, Belarus Respublikasyndan, Ukrainadan, Özbegistandan, Hindistandan, Gazagystandan we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan raýatlarynyň getirilmegini gurady.

düýn 15:51
5.3k+

Antarktidadaky Erebus wulkany altyn sowurýar

​Anatarktidada ýerleşýän, planetanyň günortadaky iň işjeň wulkany bolan Erebus, her gün atmosfera gazy we bugy bilen bilelikde altynyň mikroskopik bölejiklerini-de zyňýar. Barlagçylar wulkanyň zyňyndylarynyň......

24.04.2026 18:54
9.2k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

22.04.2026 01:04
7.8k+

«A23a tükendi». Dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan buzluk öz meýdanynyň 99%-ini ýitirdi

2025-nji ýylyň ahyryna çenli dünýäniň iň uly aýsbergi hasaplanan A23a buzlugy öz «ýaşaýşyny» bes etdi diýen ýaly. Bu barada Arktika we Antarktika ylmy-barlag instituty habar berdi....

21.04.2026 16:23
10k+

Braziliýada ýagan güýçli doly müňlerçe awtoulaga zyýan ýetirdi

Geçen hepdäniň ahyrynda Braziliýanyň San-Paulu şäherine uly möçberli doly ýagdy. Bu tebigy hadysa şäheriň infrastrukturasyna we ilatyň emlägine uly zeper ýetirdi....