Türkmenistanyň Prezidenti «Rönesans Holding» kompaniýasynyň başlygyny kabul etdi

  • 29.10.2020 16:01
  • 27k+

Aşgabatda täze «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Rönesans Holding» türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bar bolan mümkinçilikleri hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan halk hojalyk toplumynyň esasy pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem işewür Gurbanguly Berdimuhamedowa öz kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleri hem-de ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany gurulýan desgalarda işleriň ýokary hilli bolmagynyň hem-de olaryň öz wagtynda tamamlanmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Işewür «Rönesans Holding» üçin Türkmenistanda bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň uly hormatdygyny ýene-de bir gezek belläp, bu ýerde özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan borçnamalaryna geljekde hem üýtgewsiz eýerjekdigine ynandyrdy.
Milli Liderimiz kaşaň myhmanhananyň gurluşygyny amala aşyran Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjaga ýerine ýetiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi we oňa özüniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy işiniň on ikinji jildini sowgat berdi.

düýn 23:19
676

Kristian Munjiuwyň "Fýord" dramasy Kann kinofestiwalynyň "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy

Rumyniýaly režissýor Kristian Munjiuwyň "Fýord" atly kazyýet dramasy 79-njy Kann kinofestiwalynyň baş baýragy bolan "Altyn palma" baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijileri yglan etmek dabarasy şenbe güni agşam......

düýn 20:45
1.4k+

Indoneziýa ekspatlar üçin iň gowy ýurtlaryň täze global reýtinginde birinji orny eýeledi

Indoneziýa InterNations Expat Insider jemgyýeti tarapyndan düzülen, ekspatlaryň ýaşamagy üçin iň amatly we dostlukly ýurtlaryň täze reýtinginde birinji orny eýeledi....

düýn 16:26
3.6k+

Jekson Pollogyň suraty rekord 181 million dollara satyldy

Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....

düýn 15:35
6.8k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......