«Türkmenbaşy» DTB «Cashback» sylaglandyrmak maksatnamasyny geçirýär

  • 28.10.2020 14:10
  • 15k+

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky täze «Cash back» sylaglandyrmak maksatnamasyny hödürleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli bankyň müşderileri «Altyn asyr» we «Maşgala» bank kartlaryndan 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli kompýuter we elektron tehnikalarynyň söwda nokatlarynda nagt däl görnüşde (şol sanda, «E-kommersiýa» we mobil programma üpjünçilikleri arkaly) hasaplaşyklar geçirilende, her bir geçirilen amal üçin 3 göterim «Cash back» höweslendiriş hyzmaty girizildi.
Onuň çäklerinde bank kartlaryndan her bir geçirilen nagt däl amalyň 3 göterimi bank tarapyndan höweslendiriş sylagy hökmünde yzyna, müşderileriň kart hasabyna gaýtarylýandygyny habar berýäris.
«Cash back» sylaglandyrmak maksatnamasynyň düzgünleri bilen «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň tbbank.gov.tm web-sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.
Habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 12) 44-70-37, 44-71-72.

şu gün 09:28
164

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

düýn 21:52
1.2k+

"Neýron älemi" Evidence Scientific žurnalynyň Image of the Year bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy

Evidence Scientific kompaniýasy altynjy ýyllyk Image of the Year ylmy suratlar bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Bu ýyl 34 ýurtdan suratçylar öz işlerini hödürlediler....

düýn 19:10
8.2k+

Adam üçin kim has howply – adamyň özümi ýa-da jandarlar? Birinji ýer sizi geň galdyrar

«Our World in Data» gözleg taslamasynyň maglumatlaryna görä, keselleri göteriji we ýaýradyjy ownuk mör-möjekler adam üçin uly ýyrtyjylardan has uly howp döredýär....

düýn 18:24
2.2k+

Üýtgeşik «Ocean Dream» göwheri bolan ýüzük rekord 17,3 mln dollara satyldy

Seýrek duşýan «Ocean Dream» göwheri oturdylan ýüzük Ženewada geçirilen Christie’s auksionynda 13,57 million şweýsar frankyna (takmynan, 17,37 million dollar) satyldy....