«Hyundai Engineering Co., Ltd.» «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2020-niň» kümüş hemaýatkäri boldy

  • 27.10.2020 13:01
  • 8.8k+

Eýýäm ertir Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020” XXV halkara forumy açylar. Ol iki günläp dowam edip, 29-njy oktýabrda tamamlanar.

Koreýanyň "Hyundai Engineering Co., Ltd." kompaniýasy bu çäräniň kümüş hemaýatkärleriniň biri boldy. Bu kompaniýa ýurdumyzda 10 ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýar we bu döwürde birnäçe bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirip ýetişdi. Kompaniýa gazy kükürtden arassalamak boýunça zawod gurup, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmäge gatnaşdy.
Şeýle hem bu kompaniýa «LG International Corporation» bilen birleşmegiň çäginde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda birnäçe täze tehnologik bölümleri işe girizdi.
Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürmek boýunça gazhimiýa toplumynyň gurluşygy Türkmenistan bilen «Hyundai Engineering Co., Ltd.»-iň arasyndaky üstünlikli hyzmatdaşlygyň ýene bir mysaly bolup durýar. Taslamanyň bahasy 3,4 milliard dollardan gowrak boldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konserni, Günorta Koreýanyň «LG International Corporation» we Ýaponiýanyň «TOYO Engineering Corporation» kompaniýalary jogapkär bolupdy.
Şeýle hem «Hyundai» ýerli hünärmenleriň taýýarlanmagyna we bilim almagyna köp üns berýär, muňa Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda kompaniýa tarapyndan açylan hünärmenleri taýýarlamak merkezi hem şaýatlyk edýär. Onda Gyýanlydaky gurluşyk işlerine gatnaşýan ýüzden gowrak türkmen hünärmeni taýýarlanylýar. Merkezde Türkmenistanyň beýleki senagat kärhanalarynda işleýän tehnikler hem hünär derejelerini ýokarlandyrýarlar.

20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......