Alymlar: Arassa howa koronawirus howpuny azaldýar

  • 27.10.2020 10:30
  • 10k+

Meksikaly alymlar arassa howanyň koronawirusyň ölüm howply derejesini azaltmaga ukyplydygyny kesgitlediler. Geçirilen derňew işiniň çäginde olar COVID-19-yň bir kub metr gaz garyndysynda her mikrogram bölejikler üçin 8% ýokarlanýandygyny anykladylar. Bu barada oane.ws belläp geçýär.

Hapa howa bedeniň kesele garşy göreşijilik ulgamyny ep-esli gowşadýar. Netijede, ynsana wirus ýa-da bakteriýa keselleri aňsatlyk bilen ýokuşyp biler. Ylmy işiň awtorlarynyň bellemegine görä, bu COVID-19-y hem öz içine alýar.
Şu mesele boýunça Gonkong uniwersitetiniň hünärmenleri hem derňew geçirdiler. Olar Hytaýda howanyň hapalanma derejesiniň koronawirusyň geçijiligine nähili täsir edýändigine baha berdiler. Derňew üçin 1-nji ýanwardan 1-nji aprel aralygynda alnan maglumatlar peýdalanyldy. Şeýlelikde, howanyň hapalanmagy bilen ýokanjyň ýaýrama tizliginiň ýokarlanýandygy anyklanyldy.

25.05.2026 17:25
3.4k+

«Birlik» – üpjün edijiler we alyjylar üçin ykjam witrina

Ýörite işgär hakyna tutmazdan ýa araçy gözlemän, satuwlary köpeltmegiň ugruny gözleýäňizmi? «Birlik» — bu ýurdumyzdaky müňlerçe lomaý alyjylara (marketlere, dükanlara, toý mekanlaryna, kafelere, otellere…)......

25.05.2026 11:42
7.7k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

22.05.2026 16:52
3.8k+

Onlaýn Hyzmat — biznesde: indi kart we QR-kod arkaly tölegleri kabul edip bolýar

Türkmen hünärmenleriniň «Onlaýn Hyzmat» ykjam goşundysy biznes üçin mümkinçiliklerini giňeldýär: indi ulgama diňe bir şahsy ulanyjylar däl, eýsem telekeçiler — dükanlar, serwisler we onlaýn platformalar hem......

20.05.2026 17:15
3.5k+

Malaýziýa, Hytaý, Türkiýe we Gazagystan: «Bereketli Döwürden» okuw üçin täze mümkinçilikler

Aziýa dünýäniň esasy bilim merkezleriniň birine öwrülip barýar. Döwrebap talyp şäherçeleri (kampuslar), güýçli tehniki bilim maksatnamalary, okuwyň amatly bahasy we halkara diplomlar dünýäniň dürli künjünde......