Türkmenistan Döwlet býujetiniň 70 göterimini durmuş ulgamyna gönükdirer

  • 25.10.2020 12:16
  • 6.9k+

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we 2021-nji ýyl üçin Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp taýýarlamagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz geljek ýylda depginli durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen, bazar ykdysadyýetiniň döwrebap usullaryny ornaşdyrmakda durmuş maksatly ykdysady syýasaty amala aşyrmagyň dowam etdirilmelidigini nygtady.
Jemi içerki önümiň ösüş depginini deňeşdirilýän görkezijilerde 6,2 göterim derejede emele getirmek meýilleşdirilýär.
Mundan başga-da, Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek hem-de ykdysadyýetiň kadaly ösüşini dowam etmek boýunça çäreleriň meýilleşdirilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ykdysadyýetiň ösüşine we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlarynyň möçberini artdyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Alnyp barylýan önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny dowam etmek üçin ýeterlik maliýe serişdeleri göz öňünde tutulmalydyr.
Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmegiň, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmagyň, elektron senagaty döretmegiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysadyýetimiziň durmuş ugurlylygy ýörelgesini saklamak bilen, geljek ýylda Döwlet býujetiniň umumy çykdajylarynyň 70 göteriminden gowrak möçberini durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdirmegi tabşyrdy.
Bu serişdeleriň 28,5 göterimi bilimi, 10 göterimi saglygy goraýşy we 24,8 göterimi durmuş üpjünçilik ulgamyny maliýeleşdirmäge gönükdirilmelidir.
Milli Liderimiz 2021-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde ilatymyzyň abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmegi göz öňünde tutmagyň zerurdygyny belläp, bu işleriň ilatymyzyň durmuş goraglylygyny, iş bilen üpjünçiligini, durmuş we zähmet şertleriniň mynasyp derejesini üpjün etmek bilen bagly möhüm çäreleriň ýerine ýetirilmegini hem öz içine almalydygyny tabşyrdy.

düýn 19:47
679

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

düýn 19:30
1.8k+

Şweýsariýa dünýäniň iň bäsdeşlige ukyply ykdysadyýeti adyny ýitirdi

Şweýsariýa dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyň IMD World Competitiveness Ranking ýyllyk reýtinginde birinji ornuny ýitirdi. Ýurduň ykdysadyýeti dünýä liderligini Singapura berip, üçünji orna düşdi. Täzelenen......

düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.2k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......