Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisi ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýar

  • 23.10.2020 17:27
  • 4.9k+

22-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýurdumyzda diplomatik işini tamamlaýan Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Katsumata Takahiko bilen duşuşygy geçirildi, diýip ýurdumyzyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Diplomatlar türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ösüşine ýokary baha berdiler hem-de onuň mazmuna baý häsiýeti bellenilip geçildi. Taraplar global gün tertibiniň derwaýys meseleleri babatynda Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini tassykladylar.
Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ugurdaky, şol sanda iki döwletiň syýasy ulgamdaky özarahereketleriniň aýrylmaz bölegini düzýän parlamentara dostluk toparlarynyň çäklerinde parlamentara gatnaşyklaryny has hem ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Ilçä ikitaraplaýyn türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna goşan ähmiýetli goşandy üçin minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi Katsumata Takahiko döwlet Baştutanyna we DIM-niň ýolbaşçysyna özüniň Türkmenistandaky diplomatik işini netijeli durmuşa geçirmeginde beren hemmetaraplaýyn goldawy we hemaýaty üçin minnetdarlyk sözlerini beýan etdi.

düýn 22:17
840

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.1k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.6k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....