Russiýa Türkmenistandan çarter uçuşyny amala aşyrar

  • 23.10.2020 05:00
  • 13k+

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň resmi ýüzlenmesine laýyklykda, 25-nji oktýabrda «S7» awiakompaniýasynyň Moskwa – Türkmenabat – Moskwa ugry boýunça çarter uçuşy amala aşyrylar.

ORIENT agentliginiň habar bermegine görä, «S7» awiakompaniýasynyň howa gämisi Türkmenistanda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryň işgärlerini hem-de olaryň maşgalalaryny Moskwadan Türkmenabada getirer.
Şeýle hem bu uçuş arkaly Russiýanyň raýatlary we iki raýatlygy (Türkmenistanyň we Russiýanyň) bolan şahslar, şeýle hem RF-iň çäginde hemişelik ýaşamak hukugyny alan, bu ýurda göçüp maşgalalarynyň ýanyna barýan türkmen raýatlary yzyna Moskwa uçup biler.

düýn 07:41
8.5k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......

düýn 07:40
6.5k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

08.06.2026 13:01
8.4k+

8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami barada duýduryş berildi

Mindanao adasynyň kenarynda bolan 8,1 ballyk ýer titremesinden soň, Filippinlerde we Ýaponiýada sunami duýduryşy berildi. Hökümet birnäçe kenarýaka sebitlerinde ilaty ewakuasiýa etmäge başladylar....

04.06.2026 17:40
10k+

Gyzylgum çölünde adatdan daşary ýagan ýagyşlardan soň köl emele geldi

Özbegstanyň Buhara welaýatynyň «Şurbulak» diýlen ýerinde soňky ýarym ýylyň dowamynda meýdany takmynan 80 inedördül kilometr bolan täze köl emele geldi. Bu suw howdanynyň döremegini sebitde ýagnyň mukdarynyň......