Öňdebaryjy futbol klublary Ýewropanyň premýer-ligasyny döretmegi maksat edinýärler

  • 22.10.2020 17:30
  • 6k+

Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynyň köpüsi täze futbol ýaryşyna gatnaşyp bilerler. Bu barada vprognoze.ru belläp geçýär.

Çeşmäniň berýän maglumatlary boýunça, öňdebaryjy ligalardan 10-dan gowrak topar “Ýewropanyň Premýer-ligasy” ady bilen turnir döretmek barada gepleşik geçirýär. Bu toparlaryň arasynda “Liwerpul” bilen “Mançester Ýunaýtediň” hem bardygy bellenilýär. Şeýle-de, “Real”, “Barselona”, “Atletiko”, “PSŽ” we “Ýuwentus” klublarynyň hem şeýle formaty döretmegiň tarapdarydygy belli.
Çeşmäniň maglumatlaryna laýyklykda, guramaçylar FIFA-nyň hemaýat bermegi bilen geçjek täze ýaryşy 2022-nji ýylda başlatmagy meýilleşdirýärler. Turnire 16-18 klub gatnaşar. Häzirki wagtda turnir üçin maýa goýujy gözlenilýär. Bu ýaryşy başlatmak üçin, takmynan, 6 mlrd dollar gerek.
Täze ýaryşa gatnaşjak her bir klub 100 mln dollar möçberinde kepillendirilen töleg alyp bilerler. Eger-de turnir başlasa, ol iň baý klub ýaryşyna öwrüler. Ýewropanyň Premýer-ligasynyň tanyşdyrylyşynyň şu aýda geçiriljekdigi bellenilýär. Täze turniriň oýunlary yzygiderli ýewropa möwsümine goşular.
Häzirki wagtda iň meşhur klub ýaryşy Çempionlar ligasydyr.

düýn 22:01
3.4k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 07:51
3.6k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 16:49
7.8k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

08.06.2026 16:09
8.1k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......