№45 belgili şäheriçi awtobuslarynyň gatnaw ugruna üýtgeşme girizilýär

  • 22.10.2020 17:13
  • 11k+

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem­de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-­nji ýylyň 26­-njy oktýabryndan 45­-nji «Teke bazar — Gökdere» ugry boýunça gatnaýan awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgetmeleriň girizilýändigini siziň dykgatyňyza ýetirýär.

45-­nji «Teke bazar — Gökdere» ugry «Gurtly — Gökdere» ugruna üýtgediýär, şeýle hem bu ugur býunça awtobus «Gurtly» belleniş nokadyndan ugraýar hem-­de Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Annaýew köçesi — Magtymguly şaýoly — Tähran — Görogly köçeleri — Akdepe harby şäherçesi — Görogly köçesi bilen hereket edip, «Gökdere bazary» nokadyna barýar we yzyna Görogly — Tähran — A.Annaýew köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat köçesi bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna gelýär.
Ha­bar­laş­mak ­üçin ­te­le­fon ­bel­gi­le­ri:­­ 28-60-30;­ 28-60-80.

şu gün 00:02
762

Dünýädäki iň garry kepderi 44 ýaşynda aradan çykdy

ABŞ-da dünýäniň iň garry kepderisi diýlip hasaplanýan Şugar atly guş 44 ýaşynda aradan çykdy. Bu waka bolmazyndan az wagt öň kepderi resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilipdi....

düýn 19:38
2.1k+

Ýewropa gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary» ylgawyna 650-den gowrak adam gatnaşdy

Aşgabatda Ýewropa gününe we Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan «Dostluk ganatlary: ÝB–Türkmenistan» atly köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçirildi. Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habar......

düýn 15:04
4.7k+

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze döwrebap bazar gurlar

Lebap welaýatynyň Farap etrabynda täze, döwrebap bazar gurlar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisiniň dowamynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň degişli......

düýn 14:59
4.3k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....