Getji Nurmagomedowyň tälimçisine haýbat atdy

  • 21.10.2020 14:00
  • 29k+

Amerikaly söweşiji Jastin Getji (22-2) “Izwestiýa” multimediýa maglumat merkezi bilen bolan söhbetdeşlikde Habib Nurmagomedowyň (28-0) tälimçisi Hawier Mendesi halamaýandygyny aýtdy.

Getji bilen Habibiň arasyndaky söweş 24-nji oktýabrda Abu Dabide geçiriljek UFC 254 ýaryşynyň başyny çeker. Nurmagomedow UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony. Ol 2012-nji ýyldan bäri Mendesiň ýolbaşçylygynda tälim alýar.

"Men onuň tälimçisi Hawieri [Mendesi] halamok"-diýip, Getji gürrüň berýär - Belki ol gowy adamdyr, ýöne näme üçindir meni äsgermezçilik edýär. Şonuň üçin oňa bolan gaharymy hem Habibden çykararyn, ony ýere ýazmaga we muny nähili görýändigini soramaga howlugýan.

UFC 254-iň titul ugrundaky Habib Nurmagomedow - Jastin Getji söweşi 24-nji oktýabr - şenbe güni BAE-de "Söweş adasynda" ("Fight Island") bolar.
"Sport Ekspress" UFC 254-iň Habib - Getji söweşini onlaýn ýaýlyma berer. Ýaryşyň esasy söweşi we esasy kard söweşlerini REN TV teleýaýlymynda göni ýaýlymda görüp bolar.

şu gün 10:53
3.8k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

düýn 22:01
4.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 07:51
3.9k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

08.06.2026 16:49
8.2k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....