Türkmenistanda ulag serişdelerini wagtlaýyn getirmegiň möhletleri kesgitlenildi

  • 20.10.2020 18:42
  • 36k+

Türkmenistanda Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2020-nji ýylyň 21-nji sentýabryndaky 94-nji belgili buýrugy bilen ulaglaryň ýurduň gümrük çägine wagtlaýyn getirilmeginiň möhletleri kesgitlenildi. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Buýruga laýyklykda, Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilen ulag eksport üçin zerur bolan wagta esaslanyp, transport amallary gutarandan soň, şu möhletlerden gijä galman, derrew yzyna çykarylmaly:
a) awtoulag serişdesi (tirkegleri, ýarym tirkegleri we gatyşyk ulag serişdelerini hem goşmak bilen), muňa konteýnerler degişli däldir – 30 senenama gününden;
b) demir ýol ulag serişdesi (düzüminiň birligi), muňa konteýnerler degişli däldir – 90 senenama gününden;
ç) islendik görnüşli ulag serişdesi arkaly daşalýan konteýnerler – 90 senenama gününden;
d) deňiz (derýa) gämisi we howa gämisi – Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçiriş ýeriniň administrasiýasynyň (aeroportyň, aerodromyň, deňiz, derýa portunyň) gümrük edarasy bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ylalaşan tertibine laýyklykda kesgitlenilýän möhletden;

Türkmenistanyň gümrük çäginde ulag serişdesinden düşürmezden daşalýan, gümrük üstaşyry gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlary daşaýan islendik görnüşli ulag serişdesiniň wagtlaýyn getiriliş möhleti, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 47-nji maddasyna laýyklykda ol harytlar babatda bellenilen gümrük üstaşyrynyň möhletine görä kesgitlenilýär.
Aýratyn ýagdaýlarda, gümrük posty gümrük gözegçiligini amala aşyrmak maksady bilen gümrük gullugy, daşaýjynyň arzasyndan ugur alyp we öňünde tutulýan ulag operasiýasynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly ähli ýagdaýlary nazara almak bilen, bellenilen möhletden has gysga ýa-da has dowamly möhlete bellemäge haklydyr.
Bellenilen möhletlerde ulag serişdesiniň yzyna alnyp gidilmegi mümkin bolmadyk halatynda, iş zolagynda ulag serişdesiniň hakykatda ýerleşýän gümrük edarasy daşaýjynyň, ulag serişdesine eýelik etmäge hukugy alan şahsyň ýa-da başga dahylly şahsyň, wagtlaýyn getiriliş möhleti tamamlanmazdan öň, delillendirilen ýüz tutmasy boýunça wagtlaýyn getirmegiň ilkibaşda bellenilen möhletini, ol ulag serişdesiniň Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilmeginiň mümkin bolmazlygyna sebäp bolan ýagdaýlary aradan aýyrmak üçin zerur bolan wagta uzaldýar.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň ulag serişdeleriniň wagtlaýyn getiriliş möhletleri hakyndaky buýrugy 2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda 1397 bellige alyş belgisi bilen Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.

şu gün 10:58
1.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

düýn 10:28
1.1k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 09:57
5.5k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

16.06.2026 07:52
3.9k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......