PETRONAS "Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2020-niň" altyn hemaýatkäri boldy

  • 19.10.2020 16:24
  • 8.4k+

"Türkmenistanyň nebiti we gazy" XXV halkara forumy 28-29-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriler. "Türkmengaz" we "Türkmennebit" döwlet konsernleriniň "Türkmen Forum" hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda, iňlis kompaniýasy Gaffney Cline-iň goldawy bilen guraýan bu forumy bilim we tejribe alyşmak, şeýle hem Türkmenistanyň döwlet guramalary bilen halkara nebit-gaz kompaniýalarynyň arasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we güýçlendirmek üçin gaz bazaryndaky öňdebaryjy halkara hünärmenleri we täsirli "oýunçylary" birleşdirer. Bu barada ORIENT habar berýär.

Maslahata Hyundai Engineering, Shell, Gaffney Cline, NAPECO, Vitol, CNPC we Dragon Oil ýaly gaz pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, halkara guramalaryň we institutlaryň wekilleri gatnaşar. Maslahatyň esasy mowzuklarynyň arasynda “Ýangyç-energetika pudagynyň ösüşindäki global tendensiýalar”, “Hazar deňziniň türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek”, “Türkmenistan - Owganystan - Pakistan - Hindistan (TAPI) gaz turbageçiriji taslamasynyň durmuşa geçirilmegi” hem-de “Nebit we gaz pudagyna maýa goýum mümkinçilikleri” ýaly temalar bar.
Bu ýyl Petroliam Nasional Berhad-yň (PETRONAS) bölümi PETRONAS Carigali (Türkmenistan) Sdn Bhd (PC (T) SB) forumyň altyn hemaýatkäri boldy.
PETRONAS Fortune Global 500-iň iri korporasiýalarynyň hataryna girýän global energiýa kompaniýasydyr. Malaýziýanyň hökümetine degişli bolan bu kompaniýa Malaýziýanyň nebit we gaz baýlyklaryna eýelik edýär hem-de bu çeşmeleri ösdürmäge we netijeliligini ýokarlandyrmaga jogap berýär.

20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......