Gurbanguly Berdimuhamedow awtosport boýunça Türkmenistanyň çempionatyna ak pata berdi

  • 19.10.2020 12:03
  • 16k+

Düýn Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýerleşýän Sport-ulag merkezine bardy.

Bu ýerde döwlet Baştutany degişli taýýarlyk işlerini ýerine ýetirip, sport ulaglarynyň birini synagdan geçirdi. Milli Liderimiz sport ulagynyň tehniki häsiýetleri, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçilikleri, onuň beýleki ulgamlary hem-de ulagda sürüji üçin döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli Liderimiz ýokary tizlikli sport ulagyna ussatlyk bilen erk edip, birnäçe çylşyrymly öwrümleri ýerine ýetirdi. Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport awtoulagyny synagdan geçirip, ýurdumyzda awtosport boýunça çempionatlary geçirmäge ak pata berip, bu awtoulagy IIM-niň awtosport merkezine sowgat berdi.
Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli awtomobil sportunyň ralli-reýd, “Volkicar-drift”, toparlaýyn “Volkicar” görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.
Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň şu ýyl üçin köpçülikleýin sport çäreleriniň meýilnamasyna laýyklykda, Ahal welaýatynyň çägine degişli bolan “Garagum ýalkymy” atly alaw odunyň ýanyndaky ýerden ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşi boýunça Türkmenistanyň çempionatyna toparlaryň 10-sy gatnaşdy.
Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugry boýunça badalga alan türgenler Garagum sährasynyň içi bilen 100 kilometre golaý aralyk boýunça ýaryşdylar.
Eminleriň çözgüdine laýyklykda, birinji ýere “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgenleri Merdan Toýlyýew we Şöhrat Toýlyýew mynasyp boldular. Olar “Nissan Patrol” kysymly ýaryş awtoulagynda bellenilen aralygy 1 sagat 42 minut 07 sekuntda geçmegi başardylar.
Içeri işler ministrliginiň Bezirgen Nyýazowdan we Bäşim Saparowdan ybarat topary “Mini Cooper”awtoulagynda 1 sagat 48 minut 8 sekunt netije görkezip, ikinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň toparyna wekilçilik edýän Çary Muhyýew we Mekan Populow “Nissan Pathfinder” awtomobil ulagynda pellehana 2 sagat 7 minut 3 sekuntda gelip, üçünji orna mynasyp boldular.

Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezinde awtomobil sportunyň “Volkicar-drift” boýunça toparlaýyn, “Volkicar” hem-de karting görnüşleri boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi.

Karting boýunça geçirilen ýaryşda IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Merdan Orazmuhammedow bellenilen aralygy 3 minut 33 sekuntda geçip, üçünji baýrakly orna mynasyp boldy.
IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Kemal Täşliýew bellenen aralygy 3 minut 26 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.
Bellenilen aralyga 3 minut 21 sekunt wagt sarp eden Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkeziniň türgeni Rüstem Begenjow birinji orny eýelemegi başardy.

“Volkicar” boýunça üç tapgyrda geçirilen bäsleşigiň jemleri final ýaryşyň netijeleri boýunça jemlendi.
Şonda Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Maksat Daňatarow bellenilen aralygy 4 minut 35 sekuntda geçip, üçünji baýrakly ornuna mynasyp boldy.
IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Gara Garaýew bolsa bu aralygy 4 minut 30 sekuntda geçip, ikinji orna düşdi.
Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Muhammetmyrat Gurbanow bellenilen aralygy 4 minut 29 sekuntda geçip, birinji orny eýeledi.

“Volkicar-drift” boýunça ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi.
Emin agzalarynyň çözgüdine laýyklykda, “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň türgeni Merdan Toýlyýew bu ýaryşda 66 utuk gazanyp, baýrakly üçünji ornuna düşdi. Türkmenistanyň Awtomobil sporty federasiýasynyň türgeni Karen Awagýan 69 utuk gazanyp, ikinji orny eýeledi. IIM-niň Sport-ulag merkeziniň türgeni Parahat Garlyýew bu ýaryşda 73 utuk gazanyp, birinji orna mynasyp boldy.
Ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzyň elektron senagatynyň önümleri bolan gymmatly baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

şu gün 14:35
2.1k+

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.3k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

şu gün 07:49
2.5k+

Türkmenistanda ralli-reýd boýunça çempionatyň netijeleri jemlendi

27-28-nji iýun aralygynda Daşoguz we Ahal welaýatlarynyň çäginde ralli-reýd boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Umumy uzynlygy 358 kilometre barabar bolan iki günlük ýaryş Garagum çölüniň iň......

düýn 21:55
5k+

Maýsa Pardaýewa Sindaodaky dzýudo boýunça Gran-pride ilkinji altyn medalyny gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 28-nji iýunda Hytaýyň Sindao şäherinde tamamlanan dzýudo boýunça Gran-pri tapgyrynda uly ýeňiş gazandy. 57 kg çenli agram derejesinde çykyş eden 21 ýaşly türgen ähli güýçli......