CNPC "Türkmenistanyň nebit we gazy - 2020-niň" platina hemaýatkäri boldy

  • 16.10.2020 23:54
  • 8k+

28-29-njy oktýabr aralygynda Aşgabatda "Türkmenistanyň nebiti we gazy" halkara forumy geçirilýär. Forumyň platina hemaýatkäri Hytaýyň Milli Nebit Korporasiýasy — CNPC bolar. Bu barada ORIENT habar berýär.

Foruma esasy düzgünleşdirijiler we bazar "oýunçylary", finasistler, ýangyç-energetika we geosyýasat pudaklarynyň alymlary we hünärmenleri gatnaşar. Onda bu ugurdaky global tendensiýalaryň derwaýys ugurlary boýunça täze teklipler we analitiki netijeler hödürlener.
Ýeri gelende ýatlatsak, CNPC dünýäniň köp ýurtlarynda energiýa pudagyndaky dürli çärelere, şol sanda nebit-gaz ýataklaryny gözlemek we özleşdirmek, nebiti gaýtadan işleýiş we himiýa senagaty, nebit önümlerini satmak, nebiti we gazy saklamak hem-de daşamak, nebit we gaz enjamlaryna inžener-tehniki hyzmat etmek we öndürmek ýaly dürli ugurlara işjeň gatnaşýan dünýäniň iň uly nebit-gaz kompaniýalarynyň biridir.

düýn 11:54
3.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.3k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......